Gurbanguly Berdimuhamedow dynç gününde bedewler bilen didarlaşdy

  • 17.05.2020 23:38
  • 7.4k+

Dynç güni irden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, adaty endigine eýerip, agtygy Kerim bilen welosipedli menzil aşdy we bedewler bilen didarlaşdy.
Döwlet Baştutany welosipedli ýörişiň dowamynda agtygy Kerimiň okuwlary, onuň okuwdan boş wagtlary meşgullanýan sport we döredijilik işleri bilen gyzyklandy. Kerim atasyna okuwy, özleşdirýän dersleri barada gürrüň berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow haýsy iş bolsa bolsun, öňi bilen yhlasyň zerurdygyny belledi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Toýly atly bedewe, Kerim bolsa Şapolat atly bedewe atlandy. Bedewli ýörişiň dowamynda milli Liderimiz türkmen atlary, olaryň taryhy we özboluşly gylyk-häsiýetleri barada agtygyna giňişleýin gürrüň berdi.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem agtygyna şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşykly rowaýatlary gürrüň berdi.
Soňra Kerim çapuw ýodasynda bedewi öňatdy hereketleri bilen öz erkine goýberdi. Onuň ata ynamly erk etmegi, ykjamlygy çapyksuwarlygyň inçe syrlaryny yhlas bilen ele alandygyny äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň bedewiň üstünde ynamly oturyp, edýän hereketlerine syn etdi.

şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......