Saud Arabystany aziýaly alyjylar üçin nebitiň iberilmegini kemeldýär

  • 17.05.2020 23:06
  • 2.7k+

Saud Arabystany Aziýa bazary üçin nebitiň iberilmegini kemeldýär, bu barada Bloomberg agentligine salgylanmak bilen vesti.ru habar berýär.
Saudi Aramco döwlet nebit kompaniýasy Aziýadaky azyndan 12 müşderisi üçin iýunda şertnama boýunça nebiti ýola goýma möçberini kemeltdi. Sebitdäki beýleki üç satyn alyjylar nebitiň soralan möçberine eýe boldular.
12 sany nebiti gaýtadan işleýjileriň 8-si kemeltmäniň ep-eslidigini, ýagny 20-30% we ondan hem ýokarydygyny habar etdiler. Bu kemeltmeleriň esasy bölegi Hytaýdaky we Hindistandaky alyjylaryň paýyna düşýär. Olaryň käbirleri nebiti köp alyp biler ýaly Aramco bilen gepleşikleri geçirýändiklerini habar berdiler.
Öň, Saud Arabystanynyň energetika Ministrligi Saudi Aramco kompaniýasyna nebiti gazyp alyjylygy iýunda OPEK+ şertnamasynyň çäklerinde ylalaşylan kemeltmä goşmaça hökmünde günde 1 mln barrel kemeltmegi tabşyrdy. Bu koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin girizilen çäklendirmeleriň gowşadylmagynyň islegiň artmagyna getirýän wagty, nebit bazarynda deňagramlylygyň dikelmegine ýardam bermeli.
Saud Arabystanynyň nebit önümçiligi aprel aýynda bir gije-gündiziň dowamynda 12,3 mln barrele ýetdi. Şeýlelikde, iýunda nebit çykarylmasynyň umumy kemeltmesi günde 4,8 mln barrele barabar bolar.
Bloomberg agentligi Saudi Aramco kompaniýasynyň ABŞ we Ýewropa üçinem nebit bilen üpjünçiligiň göwrümini kemeltjekdigini belleýär, bu ýerde bolsa ýola goýmanyň 60-70% kemeldiljekdigi bellenilýär.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......