Koronawirusyň esasynda bütindünýä ýitgi $8,8 trilliona ýetip biler

  • 17.05.2020 17:55
  • 5.9k+

COVID-19 pandemiýasynyň döreden bütindünýä ykdysady çökgünligi şu ýylda $5,8 trilliondan $8,8 trilliona çenli ýetip biler diýip, Aziýa ösüş banky (AÖB) mälim edýär. Bu barada vesti.ru habar berýär.
$5,8 trillion möçberdäki ýitgiler koronawirusa garşy göreş üçin girizilen we iş hem-de alyjylar işjeňligini gowşadan çäklendirmeleriň üç aýyň içinde hereket etjekdigini görkezýär. Eger-de çäklendirmeler ýarym ýyl saklansa, onda ýitgileriň $8,8 trilliona ýetmegi mümkin.
Şeýlelik bilen, pandemiýanyň zyýany dünýäniň JIÖ-niň 6,4%-inden 9,7%-ine çenli barabar bolup biler. AÖB-niň täze çaklamasy aprel aýynyň bahalandyrmasyndan has ýaramaz, aprel aýynda dünýä ykdysadyýetiniň ýitgisi $2-4,1 trillion bolar diýlip çaklanylýardy.
Koronawirusy saklamak boýunça çäreler Aziýada $1,7 trilliondan $2,5 trilliona çenli möçberde, Hytaýda $1,1 trilliondan $1,6 trilliona çenli ýitgini döreder. Gatnawlaryň çäklendirilmegi we karantin çäreleri dünýä söwdasyny $1,7-$2,6 trillion kemeldip biler we 158-242 million adamy işsiz goýup biler diýip, AÖB çaklaýar.
Halkara pul gaznasy dünýä ykdysadyýeti 2020-nji ýylda pandemiýa bilen baglylykda işjeňligiň gowşamagy netijesinde 3% peseler diýip çaklaýar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......