«Türkmengaz» DK «Turkmen Petroleum Products Trade DMCC bilen şertnama baglaşar

  • 16.05.2020 23:31
  • 7.5k+

“Türkmengaz” döwlet konserni “Döwletabat” gaz känindäki ulanyşdaky 30 sany gaz guýusynda tebigy gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Turkmen Petroleum Products Trade DMCC” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin degişli ygtyýar berýän resminama Türkmenistanyň Prezidenti hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Resminamada bellenilişi ýaly, bu Karar “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem gaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny oýlanyşykly peýdalanmagyň hem-de döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki işleri ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamagyň netijeliligini ýokarlandyrmak zerur bolup durýar.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......