Ford tas 42 müň awtomobilini yzyna gaýtarýar

  • 16.05.2020 15:28
  • 4.3k+

Ford amerikan kompaniýasy 41 müň 955 awtomobilini yzyna gaýtarýar, «Awtonowostidnýa» saýtynyň CarsCoops portalyna salgylanmak bilen habar bermegine görä, dürli sebäpler bilen baglylykda, Ford Expedition we Lincoln Navigator ulaglary, Mustang sportkary we Transit Connect miniweni bejergi işlerini geçmeli bolýar. Bu kampaniýa üç tapgyrda amala aşyrylar.
Birinji yzyna gaýtarma çäresi 2019-njy ýyldan häzirki wagta çenli çykarylan 26 müň töweregi Expedition we Navigator ulaglaryna degişli. Birleşen Ştatlarda jemi 25 müň 81 ulag we Kanadada 1 müň 106 ulag yzyna gaýtarylar. Bu ulaglara bejergi işlerini geçirmegiň sebäbi — herekete beýleki gatnaşyjylary ýüze çykarýan we gyssagly ýagdaý dörände ulagy awtomatiki ýagdaýda saklaýan PreCollision Assist ulgamynyň işinde näsazlygyň bolmagydyr.
Ikinji yzyna gaýtarma 2019-2020-nji ýyllaryň 10,6 müňden gowrak Mustang sportkaryna we 2018-2019-njy ýyllaryň Expedition ulaglaryna degişli. Ýagny, ABŞ-da 10 müň 460 ulag, Kanadada 158 awto we Meksikada 17 sany ulag serişdeleri yzyna gaýtarylar. Bu ulaglarda herekete getiriji öçük, gapy hem ýapyk bolanda geçiriji gutynyň “parking” (P) ýagdaýynda däldigini duýdurýan ses signaly bozuk çykdy. Şu sebäpli sürüji transmissiýanyň “parking” režiminde goýulmandygyny bilmän, ulagdan çykyp gidip biler.
Mundan başga-da, ABŞ-da 2014-nji ýyldan 2017-nji ýyl aralygynda çykarylan 5 müň sany Ford Transit Connect miniwenleri, Kanadada hem ýene 45 sanysy yzyna gaýtarylar. Bu awtomobiller 2014-nji ýylyň 17-nji iýulyndan 2016-njy ýylyň 1-nji oktýabry aralygynda Walensiýada ýygnalypdy. Ulaglardaky näsazlyk panorama üçeginiň kuzowa ýeterlik derejede berk berkidilmezliginden ybarat, bu hereket wagtynda ýeliň öwüsmegine we suw geçmegine getirip biler.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....