Türkmenistanyň Prezidenti COVID-19-a garşy göreşmek boýunça meýilnamany makullanyldy

  • 15.05.2020 23:38
  • 12k+

Anna güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer R.Meredow Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasyny taýýarlamak işleri barada hasabat berdi. Bu resminama döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary aýratyn howply kesele garşy göreşmekde umumy tagallalary birleşdirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm resminamalar kabul edildi. Şolaryň hatarynda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy we raýdaşlygy babatda ýörite Kararnamalaryň ikisi hem-de Meýilnamalaryň üçüsi bar.
Şunuň bilen baglylykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, şeýle hem BMG ÖM-niň, UNISEF-niň, Ilat gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara migrasiýa guramasynyň we beýleki düzümleriň wekilhanalary bilen bilelikde aprel-maý aýlarynda ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň derejesinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Şolaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Bu meýilnama Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň 10-njy maýda geçirilen nobatdaky mejlisinde seredildi. Şu meýilnamanyň esasy maksady bu howply ýokanjyň Türkmenistana aralaşmagynyň öňüni almakdan hem-de onuň ýaýramagyna garşy göreşmekden, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, pandemiýa döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginlerini degişli derejede saklamakdan ybaratdyr.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýleki hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň tertibi we usullary kesgitlenen meýilnamada birnäçe ugurlarda degişli çäreleri görmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ýokanç kesellere garşy göreşmek ugrunda milli saglygy golaýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ýokary derejede saklamak we kämilleşdirmek, degişli enjamlary we serişdeleri yzygiderli esasda ylmy we usuly taýdan täzelemek we öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak işleri bar.
Şeýle hem bu meýilnama dünýäde lukmançylyk ulgamynda häzirki wagtda bolup geçýän özgertmelere laýyklykda milli hünärmenleriň taýýarlygyny, ussatlyk derejesini, ukyplylygyny ýokary derejede saklamak we kämilleşdirmek, halkara saglygy goraýyş ulgamynyň şu günki tapgyrynda aýratyn wajyplyga eýe bolan, ýagny, wirusologiýa, immunoloiýa ýaly ugurlarda lukmanlaryň işini hil taýdan ýokarlandyrmak işlerini ugur edinýär.
Şeýle hem bu resminamada halkara tejribesiniň esasynda hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryndan ugur almak bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy-usuly we kadalaşdyryjy binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň esasy ugurlaryny ösdürmek meýilnamany amala aşyrmak boýunça ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, halkara we sebit hyzmatdaşlary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini güýçlendirmäge, innowasion çemeleşmeleriň we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berler.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen meýilnamany makullady hem-de halkymyzyň saglygy barada aladanyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belledi.

10.03.2026 19:18
7.3k+

Alymlar adaty şpris bilen organizme goýberip bolýan «kiçijik bagyrlary» döretdi

Gepatit B we C ýaly bagyr keselleri, köplenç, bagyr ýetmezçiligine getirýär we bu ýagdaýda ýeke-täk çykalga transplantasiýa bolýar. Ýöne donor organlarynyň ýetmezçilik etmegi netijesinde köp hassalar saglyk ýagdaýy sebäpli hatda operasiýa garaşýanlaryň sanawyna-da girip bilmeýär...

10.03.2026 10:33
5.8k+

Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy

Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi...

09.03.2026 17:03
1.3k+

Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar

Amerikaly molekulýar biologlar Rett sindromyna sezewar bolanlaryň beýni öýjüklerinde MECP2 belogynyň işlenip çykarylyşyny takmynan 60% ýokarlandyrýan täze bejeriş usulynyň nusgasyny işläp düzdüler. TASS agentliginiň Beýlor lukmançylyk kollejiniň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu açyş käbir genetik bejergilere garanyňda has ygtybarly we howpsuz bolar...

09.03.2026 15:18
2.1k+

Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar

Braziliýaly alymlar antioksidantlara baý bolan täze bir önümi — şokoladly baly döretdiler. Bu täsin iýmitiň esasy düzümi şokolad önümçiliginiň galyndysy bolan kakao gabyklaryndan emele gelýär. Science Daily žurnalynda...