Eýranda koronawirusy 30 sekuntda anyklaýan barlag ulgamyny işläp düzdüler

  • 15.05.2020 22:50
  • 7.2k+

Eýran alymlary koronawirusyň barlygyny 30 sekundyň içinde anyklap bilýän barlag-ulgamyny döretdiler. Täze ýokary tizlikli barlagyň işlenilip düzülendigi barada IA Mehr agentligi ylym we tehnika boýunça ýurduň wise-prezidentine salgylanmak bilen habar berýär, muny runews24.ru ýetirýär. Barlag-ulgamyny “Kimia” kompaniýasy işläp düzdi we ony döretmek işinde nanotehnologiýa peýdalanyldy. Onuň anyklygy 95%-e barabar. Häzirlikçe tehnologiýa döwlet şahadatnamasyndan geçenok, ýöne munuň tiz wagtda bolmagyna garaşylýar.
Bu barlag-ulgamy başlangyç tapgyrda-da COVID-19-y anyklap biler. Şeýle-de, ol beýleki wiruslary hem ýüze çykarar.
Russiýada hem birnäçe barlag-ulgamlary döredildi we olaryň işi heniz hem dowam etdirilýär. Şeýlelikde, tiz wagtdan alamatsyz kesellän we eýýäm immuniteti bar bolan, ýöne bu barada habarsyz adamlary ýüze çykarmaga kömek etjek wena ganyny ulanmak arkaly barlag geçiriler.
Ýatladyp geçsek, koronawirus üçin geçirilýän barlaglar teste nädogry taýýarlanylsa we olaryň materiallary alnanda ýalňyşlyk gitse, nädogry netijäni hem berip biler.
2-nji maýa çenli Eýranda kesellemegiň täze ýagdaýlarynyň sanynyň peselmegine meýillilik duýuldy. Resmi statistika laýyklykda, 30-njy martda kesellänleriň sany bir gije-gündizde iň ýokary derejä (3 186) ýetdi, şundan soň peselip başlady we minimum 802 ýagdaýa ýetdi. 3-nji maýdan soň bu görkeziji ýene ösüp başlady we soňky sekiz günüň içinde etrapda 1,3-1,7 müň görkezijisinde galdy. Häzirki wagta çenli ýurtda 110,5 müň keselli hasaba alyndy, azyndan 6 733 müň adam ýogaldy.
Täze kesellänleriň sanynyň pese düşenligi sebäpli eýran hökümeti 11-nji aprelden koronawirus bilen bagly girizilen çäreleri ýuwaş-ýuwaşdan aýryp başlady. Resmi maglumatlar boýunça, ýurduň ýaşaýjylarynyň uly bölegi işe çykdy, söwda merkezleri we dellekhanalar açyldy, hususy awtolarda welaýatlaryň arasynda hereket etmeklige berkidilen çäklendirme hem aýryldy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......