Türkmenistan СOVID-19 ýokanjynyň milli ykdysadyýete täsiri bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

  • 14.05.2020 23:56
  • 13k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde onlaýn tertibinde geçirilen duşuşykda dünýäde ýaýran ýokanç keseliň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyna, şol sanda makro we mikro ykdysady görkezijilerine täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa BMG-niň ýurdumyzdaky düzümleýin bölümleriniň we halkara maliýe guramalarynyň wekilleri çagyryldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem СOVID-19 ýokanjynyň milli ykdysadyýetimize ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen zerur işleri alyp barmak wajyp bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içerki önümçiligiň ýokary ösüş depginini üpjün etmek, senagat taýdan üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça gyssagly we orta möhletleýin çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmegi hökümetiň işiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
Bu ugurda amala aşyrylýan çäreler halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini saklamaga mümkinçilik berýär. Türkmen tarapynyň wekilleri mysal hökmünde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny tassyklaýan makroykdysady görkezijileri beýan etdiler.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......