Türkmenistan we Russiýa koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

  • 14.05.2020 13:12
  • 12k+

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow RF-iň Hökümetiniň wise-premýeri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň Russiýa tarapynyň baştutany Alekseý Owerçuk bilen çarşenbe güni geçiren telefon arkaly gepleşiginde COVID-19 wirusynyň pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşde ýakyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.
Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň şu ýylyň 12-nji maýynda bolan telefon gepleşiginiň netijesinde gelnen ylalaşyklary ýerine ýetirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli birek-biregi gutladylar.
Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady aragatnaşyklary giňeltmek babatynda geljegi uly bolan öň bellenen ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......