Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan täze kitaplar tanyşdyryldy

  • 14.05.2020 13:07
  • 3.4k+

Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dürli edaralar tarapyndan taýýarlanylan kitaplaryň bu tapgyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady hem-de daşary syýasy strategiýasynyň, umumymilli hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň durmuşynyň ol ýa-da beýleki ulgamynda – senagatdan başlap, sungata çenli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeleri barada gürrüň açylýar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň we Mejlisiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de professor-mugallymlary, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, bilim alýan ýaşlar ýygnandylar. Şeýle hem dabara halkara guramalaryň Aşgabatda işleýän wekilleri çagyryldy.
Dürli reňkli suratlar bilen ajaýyp bezelen täze neşirler üç dilde: türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilip, Türkmenistanyň umumy, şeýle hem pudaklar boýunça ösüşiniň aýratynlyklaryny we kanunalaýyklygyny hünär derejesinde öwrenýänler we gyzyklanma bildirýänler üçin peýdaly bolar.
Bu publisistik tapgyr türkmen Bitaraplygy ýaly hukuk ýagdaýynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň, Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir raýatyň hem-de ähli halkyň abadançylygyna gönükdirilen syýasatynyň düýp mazmunyna, Watanymyzyň özboluşly ösüş nusgasyna has gowy düşünmäge ýardam eder.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......