Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamet Annaýew adyndaky harby mekdebe ýadygärlik gymmatlyklary gowşurdy

  • 13.05.2020 23:17
  • 9.7k+

13-nji maýda dabaraly ýagdaýda Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalary gowşuryldy. Bu çärä Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ol Watanyň ilkinji çagyryşyna seslenip, fronta gitmek bilen, 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunda mertlerçe söweşdi. 1943-nji ýylyň sentýabrynda ilkinjileriň hatarynda Dnepr derýasyndan geçdi. Şol agyr söweşde polkuň söweşjeň baýdagy uly derýadan geçen esgerleriň edermenliginiň hem-de çäksiz batyrlygynyň nyşanyna öwrüldi.
Berdimuhamet Annaýew uruşdan agyr ýaraly gaýdyp gelip, Watany goramakda hem-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy we gaýduwsyzlygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanyldy.
9-njy maýda XX ýüzýyllygyň iň gazaply we gandöküşikli urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy dabaraly bellenende, Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary general-polkownik Aleksandr Fominiň baştutanlygyndaky wekiliýet hormatly wezipe bilen — 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny gowşurmak üçin ýurdumyza geldi.
Parahatçylykly döwürde Berdimuhamet Annaýew mugallymçylyk işini dowam edip, ildeşlerimiziň arasynda päk ýatlamalary goýdy. Bilim bermekde alyp baran yhlasly işleri üçin, ýokary döwlet sylagy bolan “Hormat nyşany” ordenine mynasyp boldy, ýöne ony alyp ýetişmedi: ol 1948-nji ýylyň aýylganç ýertitremesinde şehit boldy.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......