BSGG COVID-19 boýunça öz işläp taýýarlamalaryny Türkmenistana bermäge taýýar

  • 13.05.2020 23:11
  • 6k+

13-nji maýda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda COVID-19 koronawirus keseliniň ýurdumyzyň çäklerine aralaşmagynyň mundan beýläk-de öňüni almak boýunça çäreleriň amala aşyrylyşy, BSGG bilen bilelikde barlaghanalarda degişli anyklaýyş işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatyna ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri gatnaşdy.
Nygtalyşy ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bu möhüm ulgamda öz işläp taýýarlamalaryny Türkmenistana bermäge taýýardyr, Türkmen döwleti bolsa öz nobatynda ýurduň çägine ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça görlen öňüni alyş çäreleri babatda tejribe alyşmaga taýýardyr.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......