2020-nji ýylda uçýan elektromobilleriň ilkinji ýaryşy geçiriler

  • 12.05.2020 22:35
  • 3.6k+

Şu ýylyň ikinji ýarymynda doly derejeli elektrikleşdirilen motor bilen üpjün edilen uçýan awtomobilleriň dünýäde ilkinji ýaryşy geçiriler. Bu barada car.ru habar berýär.
Geçen ýyl Alauda kompaniýasynyň öndürijileri Airspeeder elektromobilleriniň ilkinji prototipi bilen tanyşdyrdylar. Uçýan elektrokary synagdan geçirme bilen amerikan harby uçarmanlary meşgullandy. Ýaňy-ýakynda Alauda kompaniýasy MK4 täze modeliň çykarylyşyny anons etdi. Häzir ol ahyrky barlaglardan geçýär.
Uçýan elektromobiller awtomobilçileriň, şeýle-de şeýle prototipleri hödürlemegi niýet edinýän beýleki kompaniýalaryň işläp düzüjileriniň ünsüni özüne çekdi. Elektrikleşdirilen awtomobilleriň gurşawy barha giňeýär, şonuň üçin öndürijiler şeýle ýaryşyň geçirilmeginiň peýdaly boljakdygyna we awtomobilçileriň has köp bölegini özüne çekjekdigine ynanýarlar. 
Ýaryşy häzir geçirmek üçin şu ugurdan iş alyp barýan iri awtomobil konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda maslahat geçirilýär. Deslapky maglumatlara görä, ýaryş ABŞ-da geçer.
Çykarylan elektrikleşdirilen uçýan ulaglaryň ählisi olara hatda has ýokary tizlikde-de heläkçilik hadysalarynyň ýüze çykmagyndan gaçmaga mümkinçilik berýän ýörite datçikler bilen üpjün ediler. Uçýan elektromobiller sagatda 240 kilometre çenli bat alyp bilýärler. Awtomobilleri dolandyrmak üsti ýetirilen reallyk režimi bilen amala aşyrylar. Synag uçuşynyň Adelaida çölünde geçmegi mümkin.
Guramaçylar tomaşaçylar ýaryşa onlaýn režimde tomaşa edip bilerler diýip çaklaýarlar. Ýöne turnire ýokary wezipeli myhmanlary çagyrmak meýilleşdirilýär, olar ýaryşa janly tomaşa edip bilerler.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....