Ferrari pandemiýa sebäpli täze modelleriň premýerasyny soňa goýdy

  • 10.05.2020 23:55
  • 5k+

Superkarlary öndüriji Ferrari kompaniýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli täze önümleriň premýerasyny azyndan dört aý soňa goýmaly bolýar. Bu barada motor.ru habar berýär.
Koronawirus pandemiýasy awtoöndürijileri önümçiligi saklamaga we geljek üçin meýilnamalary düýpgöter üýtgetmäge mejbur etmek bilen, awtomobil senagatyna düýpli täsir etdi. “Automotive News Europe” neşiriniň habar bermegine görä, Ferrari italýan kompaniýasy özüniň täze modelleriniň premýerasyny soňa goýdy.
Ferrari täze awtomobillerini şu ýyl hödürlemegi, 2021-nji ýylda bolsa olary ýola goýmagy göz öňünde tutýar. “Ferrari hem beýleki awtokompaniýalar ýaly, özüniň täze koronawirus ýaýrawy täsir eden häzirki maliýe ýagdaýyny gözden geçirdi we täze modelleriň premýerasyny soňa goýmaly diýen karara geldi” – diýip, Ferrariniň baş müdiri Lui Kamilleri belleýär.
Çen bilen, soňa goýlan täze awtomobiller SF90 Stradale modifikasiýasy we gibrid superkary bolmaly. 2020-nji ýylda Ferrari-niň müşderileri Roma, SF90 Stradale, F8 Tributo, F8 Spider we 812 GTS modelleriniň ilkinji ekzemplýaryna eýe bolmaly. Geçen ýyl italýan markasy üçin şowly boldy, çünki kompaniýa özüniň taryhynda ilkinji gezek 10 müňden gowrak awtomobili satdy, ýöne bu ýylda analitikler 4-15% pese gaçyş bolar diýip pikir edýärler.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....