ABŞ-da nebit we gaz bilen bagly meseleler ýüze çykyp başlady

  • 10.05.2020 23:50
  • 6.3k+

ABŞ-da nebiti we gazy gazyp almak boýunça burawlaýjy gurluşlaryň sany minimal derejesine çenli kemeldiler, bu barada Reuters agentligine salgylanmak bilen lenta.ru habar berýär.
Öň ýüze çykmadyk meseleler ykdysady çökgünlige we tutuş dünýä boýunça ýangyja bolan islegiň düýpli peselmegine getiren koronawirus pandemiýasynyň fonunda döräp başlady.
Statistiki maglumatlar boýunça, maýyň ilkinji günlerinde burawlaýjy gurluşlaryň sany 408-e çenli kemeldi. Bu bolsa 2016-njy ýylda goýlan antirekorddan dört gurluş köpdür. Maglumatlary ýygnamak bilen bu statistika bilen 1940-njy ýyldan bäri alyp barýan Baker Huges kompaniýasy meşgullanýar.
Soňky bir ýarym aýyň içinde ýurtda her hepdede ortaça 55 sany burawlaýjy gurluş ýapylýar. Aprelde olaryň sany aýlyk aňlatmasynda 38% we geçen ýylyň şu aýy bilen deňeşdirilende 62% az boldy.
Raymond James maýa goýum bankynyň analitikleri ýylyň ahyryna çenli olaryň sany 200-e çenli kemeler diýip çaklaýarlar, bu bolsa 2019-njy ýylyň ahyryndaka garanda dört esse azdyr. 2021-nji ýylda ortaça 255 gurluş işlär. Kanadada antirekord iki hepde mundan öň goýuldy, burawlaýjy gurluşlaryň sany bary-ýogy 26-a barabardy.
Häzirki wagtda pandemiýa sebäpli ýerasty baýlyklary gazyp alyjy kompaniýalar uly ýitgä sezewar bolýarlar. ABŞ-nyň slanes pudagynda eýýäm bir kompaniýa özüniň batandygyny habar berdi. Gürrüň Chesapeake Energy kompaniýasy barada gidýär. Waşingtonda kompaniýalara döwlet tarapyndan goldaw bermek meselesi maslahatlaşyldy. Ýöne çinownikler heniz bu ýagdaýdan çykmagyň meýilnamasyny hödürlemediler.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......