Türkmenistanyň Prezidenti «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

  • 10.05.2020 22:52
  • 4.2k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanynyň yzýany bilen, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gül goýdular.
Olaryň yzysüre jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Mejlisiň komitetleriniň ýolbaşçylary barýar. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary aksakallar we kümüş saçly eneler, tylyň hormatly zähmetkeşleri we urşa gatnaşanlaryň yzynda galan mukaddes ojagy saklan eneler, gül desselerini goýýarlar.
Dabara çagyrylan myhmanlar, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomin hem-de onuň wekiliýetiniň agzalary hem wepat bolanlary sarpalap, ýadygärligiň etegine ajaýyp gül çemenlerini goýýarlar.
Gül goýmak dabarasyna gatnaşýanlaryň hatarynda daşary ýurtly diplomatlar, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri barýarlar.
Milli Gahrymanlaryň edermenliginiň öňünde talyp ýaşlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, köpsanly aşgabatlylar baş egdiler.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......