Türkmenistan pandemiýanyň garşysyna gaýragoýulmasyz ýagdaýda hereket etdi

  • 09.05.2020 22:57
  • 5.8k+

Türkmenistanyň takyk hem-de sazlaşykly syýasatynyň netijesinde ýurda koronawirusynyň täze görnüşi bolan COVID-19 tarapyndan ýüze çykarylýan keselleriň öz çäginde ýaýramagynyň öňüni almak başartdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça geçirilen brifingde bellenildi.
Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýerli we ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.
Şeýle hem çärä sanly wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hususan-da Belarus Respublikasynyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary, daşary ýurtlaryň lukmançylyk ugurly ençeme ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Azerbaýjanyň lukmançylyk uniwersitetiniň, Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Tbilisi Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Öňdebaryjy daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem bu brifinge sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Şeýlelik bilen brifinge dünýäniň 20 ýurdundan 60-a golaý wekil gatnaşdy.
Abraýly halkara guramalarynyň berýйn maslahatlaryna eýermek bilen, ýurdumyz özüniň saglygy goraýyş ulgamyndaky syýasatynda ähmiýetli üstünlikleri gazandy we öz gezeginde halkara jemgyýetçiligini pandemiýanyň netijeleri ýeňip geçmek babatynda bilelikdäki hereketleriň durmuşa geçirilmegine çagyrýar.
Öz çykyşlarynda Belarus Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Ýe.Bogdan, şeýle-de daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümi, hususan-da Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça prorektory W.Rudenok, Tbilisi Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wise-rektory I.Kohreidze we Azerbaýjanyň lukmançylyk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça prorektory O.Isaýew dagylar Türkmenistanyň ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriniň öňüniň alynmagyna ýokary ähmiýet bermek bilen, pandemiýanyň garşysyna gaýragoýulmasyz ýagdaýda hereket edendigini aýratyn nygtadylar.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......