Ýewropanyň awtosenagaty alyjylaryny ýitirdi

  • 08.05.2020 23:28
  • 3.3k+

Wirus ýewropanyň awtogurluşykçylaryna uly zyýan ýetirdi: epidemiýanyň esasynda pudakda satuwyň düýpli pese gaçyş derejesini bellige aldyrdy. Aprel aýynyň maglumatlary boýunça, Italiýada we Beýik Britaniýada täze awtomobilleriň söwdasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tas 100% pese gaçdy. Ispaniýa bilen Irlandiýanyň awtogurluşykçylary aprel aýy boýunça az tapawut bilen hereket etdiler. Fransiýa bilen Portugaliýa olara garanda şowly görünýär: ol ýerde täze ulaglaryň satuwy degişlilikde 88 we 85% kemeldi. Bu barada Euronews habar berýär.
Ýyllyk hasaplamada täze ulaglaryň satuwynyň pese gaçyşy ýewropa bazarynda 52%-e barabar bolýar. Awtogurluşykçylaryň Ýewropa Assosiasiýasynyň habar bermegine görä, bu gurama tarapyndan bazar monitoringi geçirilip başlanandan, ýagny 1990-njy ýyldan bäri iň ýokary pese gaçyş bolup durýar.
Britan ekspertleri aprel aýy awtosenagat üçin 1946-njy ýyldan bäri iň “erbet” aý boldy diýip hasaplaýarlar.
Hünärmenler pudakdaky söwdanyň pese gaçyşyny kärhanalardaky karantin, ýygnaýjylar bilen bagly ýüze çykýan näsazlyklar, erkin hereket etmeklige gadaganlyklar we ilatyň alyjylyk ukybynyň pese gaçyşy ýaly global çäklendiriji çäreler bilen baglanyşdyrýarlar.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....