Ahal welaýatynda döwrebap weterinar merkezi ulanyşa girizildi

  • 08.05.2020 14:47
  • 7.5k+

«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Änew şäherinde täze weterinar merkezi açyldy.
Aşgabadyň golaýynda gurlan hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky döwlet weterinar gullugynyň weterinar bejerişhanasynyň we öý haýwanlary saklanýan toplum öý haýwanlaryna ideg etmekde düýbünden täze görnüş bolup durýar. Bu döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkez öý haýwanlarynyň kesellerini ýüze çykarmak we olary bejermek üçin niýetlenen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.
Lukmançylyk kömeginiň dürli görnüşlerini bermek üçin merkez dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary takyk enjamlar toplumy hem-de işgärleriň netijeli işlemegi üçin zerur abzallar bilen üpjün edildi.
Weterinar bejerişhana, ilkinji nobatda, itler we pişikler üçin niýetlenendir. Bu ýerde haýwanlaryň bir wagtyň özünde 10-syny kabul etmek mümkin, 8 görnüşi üçin bolsa bejeriş hyzmatlary üçin şertler bar.
Weterinar bejerişhananyň işgärleri towuk, ördek we beýleki öý jandarlara hem-de haýwanat dünýäsiniň ekzotiki görnüşleriniň wekillerine hem kömek etmäge taýýardyrlar. Oba hojalyk haýwanlaryna, şeýle hem olaryň eýeleriniň islegine görä, öýlerinde hem hyzmat edilip bilner.
Bejerişhananyň işgärleriniň esasyny düzýän weterinar lukmanlar ýokary derejeli hünärmenler bolup, olar haýwanlara kömek etmegiň asylly ýörelgelerini öz maksatlary edip goýýarlar. Hünärmenleriň ählisi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň okuw merkeziniň binýadynda täze enjamlar bilen işlemekde hünär ýokarlandyryş okuwyny geçdiler.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......