Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň wekilleri türkmen talyplaryna onlaýn leksiýa berdi

  • 08.05.2020 13:42
  • 3.5k+

Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň Ženewada ýerleşen ştab-kwartirasyndan geçiş ykdysadyýetli we ösen ýurtlar departamentiniň direktory Mihal Swantner hem-de şol departamentiň Kawkaz, Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça bölüminiň başlygy Ilýa Gribkow türkmen talyplaryna onlaýn görnüşde leksiýa berdi. Guramanyň işine bagyşlanan leksiýa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralaryň biri bolmak bilen, intellektual eýeçiligi goramagyň, innowasiýalary işläp taýýarlamagyň we ilerletmegiň milli ulgamlaryny ösdürmäge ýardam edýär. Guramanyň düzümine 193 sany döwlet, şol sanda Türkmenistan girýär.
Ady agzalan ýokary okuw mekdepleriň her birinde onlaýn görnüşde berlen leksiýalaryň barşynda Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň wekilleri guramanyň düzümi, intellektual eýeçilik babatda bilimleri we endikleri giňeltmek üçin ulanylýan okuw maksatnamalary barada diňleýjilere habar berdiler.

düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......