Audi, Volkswagen we Porsche awtomobillere kepilliligi 3 aý uzaltdylar

  • 03.05.2020 11:36
  • 3.6k+

Audi, Volkswagen we Porsche üç nemes awtomobil kompaniýasy özleriniň müşderileriniň “özüňi üzňelikde saklamak” režiminde bolmagyny ýeňilleşdirmek kararyna geldiler we öz modelleriniň kepillendirilen hyzmat ediş möhletini üç aý uzaltdylar. Bu barada car.ru habar berýär.
Häzirki wagtda köp ýurtlar maliýe çökgünligi wagtynda özleriniň ykdysadyýetini saklamak üçin girizilen çäklendirmeleri ýuwaş-ýuwaşdan gowşatmagy meýilleşdirýärler.
Täze awtomobili satyn alyjylaryň häzir tehniki hyzmat edişden geçip bilmeýändikleri ýa-da satyn alnan ulagy bejerdip bilmeýändikleri üçin, käbir nemes kompaniýalary satylan modelleriň kepillendirilen möhletini ýüz gün uzaltmak kararyna geldiler.
Volkswagen AG konsernine girýän iň meşhur brendler birwagtda özleriniň 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan 31-nji maýyna çenli aralykda gutarýan kepilnama borçlaryny artdyrdylar.
Öň Günorta Koreýa kompaniýalary Hyundai bilen Kia hem 2020-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli tamamlanýan kepil möhletini uzaltdy. Aston britan öndürijisi hem birnäçe gün mundan öň şeýle pikiri teklip etdi.
Awtomobil senagaty dünýä ykdysadyýetiniň iň bir zyýan çeken ugurlarynyň biri boldy. Ýapylan diler merkezleriniň we kärhanalarynyň maliýe ýitgileriniň öwezini dolmak üçin köp awtokärhanalar medisina enjamlarynyň önümçiligine başladylar.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....