Serdar Berdimuhamedow täze döredilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna ýolbaşçy saýlanyldy

  • 01.05.2020 23:07
  • 11k+

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen maslahatda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek barada resminamalar kabul edildi. Ses bermegiň netijesi boýunça Assosiasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine Serdar Berdimuhamedow biragyzdan saýlanyldy.
Täze assosiasiýanyň öňünde hem alabaýlaryň gymmatly häsiýetlerini gorap saklamak we ösdürmek wezipesi durýar. Bu tohumyň kemala gelmegi babatda asyrlardan gelýän däplere eýerilmegi onuň ajaýyp häsiýetlerini saklamaga kömek eder. Şol häsiýetler türkmen alabaýlaryny beýleki tohum itlerinden tapawutlandyrýar.
Ýatladyp geçsek, 2019-njy ýylyň sentýabrynda ýurdumyzda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy açyldy. Ol ýurdumyzda şonuň ýaly ilkinji desga bolup, bu ýerde türkmen alabaýlarynyň ady rowaýata öwrülen tohumlaryny hünär derejesinde ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanylýar.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......