Daşary ýurtly bilermen türkmen talyplaryna onlaýn sapak geçdi

  • 29.04.2020 23:24
  • 4.9k+

29-njy aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde onlaýn-görnüşde Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo «Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlyk: Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy» diýen mowzuk boýunça beýan okady. Bu ýokary okuw mekdebiň hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary, şeýle hem DIM-niň wekilleri onuň diňleýjileri boldular.
Lassina Zerbonyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasy ösüş nusgasyny seçip almagynyň milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini ynamly aýtmak bolar.
Beýanyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýaragsyzlanmak hem-de köpçülikleýin gyryş ýaragyny ýaýratmazlyk meselelerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň alyp barýan ugry aýdyň we takyk bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Lassina Zerbo Türkmen döwletiniň alyp barýan ugruna ýokary baha berdi. Türkmenistan ähmiýetli halkara-hukuk resminamalaryna, ilkinji nobatda, BMG-niň ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça konwensiýalaryna goşulmak bilen, durnuklylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça umumy dünýä proseslerine işjeň gatnaşýar.
Beýan tamamlanandan soň, diňleýjilere onlaýn-görnüşde guramanyň Ýerine ýetiriji sekretaryna sowallary bermek mümkinçiligi döredildi.

düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......