London uniwersitetiniň professory türkmen talyplaryna onlaýn sapak geçdi

  • 29.04.2020 10:34
  • 5k+

Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly guralan «ÝUNESKO: Ýüpek ýollary we gadymy Merwiň tutýan wajyp orny» atly çykyşda «University College of London» ýokary okuw mekdebiniň Arheologiýa institutynyň professory, ÝUNESKO-nyň ýüpek ýollary boýunça baş maslahatçysy Timoti Uilliýams çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň çäginde bilelikdäki arheologik ekspedisiýalaryň işine ençeme gezek gatnaşdy.
Gadymy Merw köp ýyllaryň dowamynda alymda uly gyzyklanma döredýär. Onuň ýolbaşçylygynda London uniwersitetiniň Arheologiýa institutynda ýörite taslama durmuşa geçirilýär.
Çykyşyň dowamynda Gadymy Merwiň gymmatlyklary, onuň suwaryş ulgamlarynyň aýratynlyklary, Murgap derýasynyň orny we beýlekiler barada durlup geçildi. Professor häzirki zaman geomorfologik barlaglaryň, paleografiýa, aero we älem kartografiýasy ulgamynda gazanylanlaryň ähmiýetini nygtady.
Arheologik barlaglar Ýewropanyň we Hytaýyň arasyndaky kerwen ýollary emele gelmezinden iki müň ýyl ozal bu ýerde eýýäm Marguşy Hindistanyň we Mesepotamiýanyň gadymy siwilizasiýalary bilen birleşdiren söwda ýollary bolupdyr. Kerwen ýollary häzirki Türkmenistanyň ep-esli çäginden geçipdir.
Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň öňünde guralan çykyş tamamlanandan soň, diňleýjilere sanly wideoaragatnaşyk arkaly alyma sowallary bermek mümkinçiligi döredildi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......