Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady

  • 27.04.2020 23:02
  • 5.2k+

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow türkmen Liderini Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň geçirilmegi mynasybetli gutlady.
Hususan-da, Gutlagda bellenilişi ýaly, «bu baýramçylyk giň meşhurlyga hem-de halkara derejä eýe boldy. Ahalteke bedewleri Siziň gadymy topragyňyzyň baky bezegi bolup, tutuş dünýäde şan-şöhrata eýe boldular. Häzir Türkmenistanda atçylygyň şöhratly däplerini dowam etmek hem-de atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli şertler döredildi.
Bu ajaýyp baýramçylygyň şatlygyny doganlyk türkmen halky bilen paýlaşmaga hemişe şatdyryn. Gynansak-da, bu ýyl men Aşgabatda geçirilen dabaralara gatnaşyp bilmedim. Şonuň üçin Tatarystan Respublikasynyň ýaşaýjylarynyň adyndan doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlamaga hem-de Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etmäge rugsat ediň!
Pursatdan peýdalanyp, Siziň ýurduňyzyň Tatarystan bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmegine uly üns berýändigiňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Şol gatnaşyklar Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir».

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......