Geely hytaý awtoöndürijisi iki sany orbita hemrasyny uçurar

  • 27.04.2020 16:34
  • 2.8k+

2020-nji ýylyň ahyryna çenli Ýeriň töweregindäki orbita Geely Automobile awtomobil gurluşyk korporasiýasynyň iki sany hemrasy çykarylar diýip, kompaniýany esaslandyryjy Li Şufu belleýär. Bu barada Nikkei Asian Review neşirine salgylanmak bilen Regnum habarlar agentligi belleýär habar berýär.
Hususy hytaý awtoöndürijisiniň orbita hemralary OmniCloud täze platformany goldamak üçin peýdalanylar. Emeli intellektiň tehnologiýasynyň ulanylmagy bilen döredilen platforma awtonom ulag serişdeleriniň, nawigasiýa ulgamlarynyň we beýleki programmalaryň işini üpjün etmek üçin peýdalanylar. 
Geely özüniň Geespace ady bilen belli bolan kosmiki meýilnamasyny 2018-nji ýylda Geely Technology Group bölünip aýrylan kompaniýanyň çäklerinde başlady. Bu bölümçäniň hünärmenleri iki sany orbita hemrasynyň önümçiligini eýýäm tamamladylar. Häzirki wagtda kosmiki enjamlaryň içki synaglary alnyp barylýar, şondan soň olar uçuşa taýýarlamak üçin “Szýusýuan” kosmodromyna iberiler.
Geely-nyň ýolbaşçylygy geçen aýda 2020-nji ýylyň toparyň 23 ýyllyk taryhynyň içinde “ähtimal, iň agyr ýyldygyny” belledi, sebäbi koronawirus ýaýrawy onuň önümçiligine we satuw işine düýpli täsir etdi. Gonkongda bellige alnan Geely Automobile Holdings bölümçesiniň arassa girdejisi 2019-njy ýylda 35%, ýagny $1,2 mlrd-a çenli pese gaçdy.
Geely emeli intellektiň bulut ulgamyny goldamak üçin näçe hemrany orbita goýberjekdigini habar bermedi. Ýöne kompaniýanyň wekili beýleki kompaniýalar tarapyndan öndürilen hemralaryň hem geljekde onuň platformasyna goşulyşjakdygyny belledi.
Öň, Regnum agentligi 2019-njy ýylyň oktýabrynda Geely kompaniýasynyň Terrafugia aeromobilleriniň önümçiligi üçin Hytaýyň Hubeý welaýatynda kärhana gurmaga başlandygyny habar berdi.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....