Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sylaglaryny bermek hakynda Permana gol çekdi

  • 25.04.2020 23:14
  • 5.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu raýatlar Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglanyldy:
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Seýisçilik bölüminiň baş seýsi Kakamyrat Agamyradow;
Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen: Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Önümçilik bölüminiň weterinar lukmany Hojamyrat Çaryýewiç Ýunusow;
Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň baş weterinar lukmany Orazdurdy Annakow,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ses operatory Annabaýram Hojalyýewiç Paýaýew,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň At hassahanasy bölüminiň weterinar lukmany Annadurdy Garryýewiç Annadurdyýew,
Türkmenistanyň döwlet sirkiniň baş direktory Annamuhammet Ilamanow,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň Atçylyk we türkmen sportunyň taryhy bölüminiň jogapkär kätibi Narly Jumaýewiç Nuryýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň müdiri Saparmyrat Geldiýewiç Annamuhammedow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň müdiri Myrat Kakaýewiç Rejepgulyýew;
Ýurdumyzyň şu raýatyna «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy:
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi – topar ýolbaşçysy Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýew.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......