Ferrari Formula-1-den gitjekdigi bilen gorkuzdy

  • 25.04.2020 06:46
  • 4.2k+

Sportkarlary öndüriji italýan kompaniýasy Ferrariniň Formula-1 klasynda awtoýaryş boýunça dünýä çempionatyndan gitmegi ahmal. Markanyň ýolbaşçylygynyň nägileliginiň sebäbi toparyň býujetiniň ýokary derejesiniň ýene-de peseldilmegi boldy.
Italýanlar býujetiň ýokary derejesi möwsümde 130 mln-a çenli peselen ýagdaýynda, 2022-nji ýyldan Formula-1 klasynda dünýä çempionatynyň ýaryşlaryna gatnaşmagy bes etjekdiklerini habar berdiler. Maranelloda kabul edilen şeýle karar barada “The Guardian” gazetine salgylanmak bilen quto.ru habar berýär. FIA-nyň we Formula-1-iň toparynyň ylalaşygyna laýyklykda, 2021-nji ýyldan ýola goýulmasy meýilleşdirilen öňki çäk 175 mln dollara barabar boldy. Koronawirus pandemiýasy sebäpli bu pul möçberini indiki ýyldan 145 mln-a çenli, 2022-nji ýyldan 130 mln-a çenli azaltmak teklip edildi.
“Ferraride” täze talaby ýerine ýetirmegiň işgärleri ep-esli azaltmazdan mümkin däldigini bellediler. Italýan topary, ýatlap geçsek, Formula-1-iň tutuş çempionatynyň esasy nyşany hasaplanylýar, şonsuz ol göni manyda dargamak howpunyň astyna düşýär.
Muňa garamazdan, ýaňy-ýakynda komandada ýolbaşçylygyň “Formula-1-den” gitmek pikiriniň ýokdugy bellenildi.

şu gün 09:56
1.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....