Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň merkezindäki seýilgäh zolagynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

  • 24.04.2020 23:15
  • 6k+

24-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde bina edilen behişdi bedewlerimiziň heýkeliniň abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy.
Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, döwlet Baştutany at heýkellerini abadanlaşdyrmak işleriniň toplumlaýyn esasda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi we onuň yşyklandyryş ulgamyna möhüm ähmiýet berilmegini tabşyrdy.
Şeýle hem türkmen Lideri şäheri abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine oýlanyşykly çemeleşilmelidigini aýdyp, bu ýerdäki we beýleki seýilgäh zolaklaryny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde dürli gülleri ekmek işlerini tomus möwsümine çenli tamamlamagy tabşyrdy.
Paýtagtymyzyň merkezinden uzap gidýän seýilgäh zolagynyň aýratynlygyny belläp, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde onuň günbatar çetinde döwrebap söwda merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň bu künjegindäki desgalaryň, binalaryň we söwda merkeziniň seýilgäh zolagy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......