Türkmenistan we ÝUNESCO bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär

  • 24.04.2020 14:23
  • 2.8k+

Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESCO) Baş direktorynyň orunbasary Şamila Nair-Beduel bilen duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşlige Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşanlar ýokary bilim we ylym babatda Türkmenistanyň ÝUNESCO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Şamila Nair-Beduel ylym bilen tehnologiýalaryň arasyndaky baglanyşdyryjy halka hökmünde bilimiň ähmiýetini nygtap, bu ulgamyň wekillerini ÝUNESCO-nyň geljegi uly taslamalarynyň birnäçesine, şol sanda oba hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly «Mikro nauka» taslamasyna we beýlekilere gatnaşmaga çagyrdy.
Belläp geçsek, Türkmenistan 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda, soňra bolsa 2017 — 2020-njy ýyllarda ösüş maksatlarynda BMG-niň ylym we tehnika boýunça komissiýasyna iki gezek saýlandy.

düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......