Türkmenabatda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

  • 23.04.2020 23:36
  • 4.3k+

23-nji aprelde Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde gurlan Lebap atçylyk sport toplumynda ýaz-güýz möwsüminiň atçapyşyklary nobatdaky at çapyşyklary geçirildi. Maksatnama laýyklykda jemi 8 sany atçapyşyklary geçirildi.
Olaryň birinjisine ýurdumyzyň ähli sebitleriniň wekilleri — ýetginjek çapyksuwarlar gatnaşdylar. Üç ýaşar bedewleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan bolan Daşgala atly bedew birinji bolup geldi.
Soňra geçirilen atçapyşyklarynyň altysynyň her birine welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň çapyksuwarlary gatnaşdylar.
Ahal welaýatynyň bedewleriniň arasynda pellehana ilkinji bolup, Bäherden etrabynyň Garaşsyzlyk daýhan birleşiginden Gülýaly atly bedew, Balkan welaýatynyň bedewleriniň arasynda welaýat Polisiýa müdirligine degişli Ýetmek atly bedew, Daşoguz welaýatynyň atlarynyň arasynda welaýat Polisiýa müdirligine degişli Gardaşym atly bedew geldiler.
Lebap welaýatynyň bedewleriniň arasynda welaýat Polisiýa müdirligine degişli Keýmir atly bedew, Mary welaýatynyň bedewleriniň arasynda welaýat häkimligine degişli Edepli diýen bedew, Aşgabat şäherinden bedewleriň arasynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Gülýaka atly bedewi pellehana birinji bolup geldiler.
Jemleýji sekizinji atçapyşygyna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen uly ýaşly we halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Pellehana ilkinji bolup, Daşoguz welaýat atçylyk sport toplumyndan Perhat atly bedew gelmegi başardy.
Baýramçylyk atçapyşyklarynyň ýeňijilerine baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......