Saudi Aramco 1-nji maýdan bazara günde 8,5 mln barrel nebiti çykarar

  • 22.04.2020 23:38
  • 3.8k+

Saud Arabystanynyň Saudi Aramco nebit korporasiýasy 2020-nji ýylyň 1-nji maýyndan günde 8,5 mln barrel göwrüminde nebiti müşderilere ýetirer. Bu barada Tadawul saud biržasynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar, muny TACC-a salgylanmak bilen Trend habar berýär.
“Saudi Aramco 1-nji maýdan başlap öz müşderilerine günde 8,5 mln barrel göwrüminde çig nebiti ýetirjekdigini habar berýär” – diýlip, kompaniýanyň habarnamasynda bellenilýär.
OPEK+ guramasyna agza ýurtlaryň 12-nji aprelde nobatdan daşary geçiren mejlisinde maý-iýun aýlarynda nebit almagy kemeltmek barada ylalaşyk gazanmak başartdy. Iki aýyň içinde nebiti almagy azaltmak boýunça gündeki jemi paý 10 mln barrele däl-de, 9,7 mln barrele barabar bolar, çünki iň az paý Meksika düşdi.
Russiýa we Saud Arabystany ylalaşygyň şerti boýunça nebiti almagy deň derejede kemelderler, ýagny 11 mln b/g baza derejesinden 2,5 mln b/g.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......