Germaniýanyň hökümeti awtosenagatyň dikelmegine kömek eder

  • 22.04.2020 23:14
  • 3.8k+

Nemes hökümeti häzirki wagtda pul ýetmezçiliginden ejir çekýän awtomobil senagatyna maliýe kömegi hökmünde döwlet býujetinden serişdeleri bölüp aýyrmakçy bolýar. Bu barada 32cars.ru habar berýär.
Mundan başga-da, häzirki wagtda nemes hökümeti köne awtomobilleri gaýtadan işlemek bilen olary soňundan täze awtomobillere çalşyrmak boýunça meýilnamany durmuşa geçirmekçi bolýar. Bu meýilnama esasy gatnaşyjylar bolup nemes ulaglaryny öndüriji, Ýewropanyň tas ähli ýerinde kärhanalaryny ýapmaga mejbur bolan Volkswagen hem-de Daimler kompaniýalary çykyş ederler.
Volkswagen kompaniýasynyň esasy ýerine ýetiriji müdiri müşderilere awtolary satmak işini ýola goýmagyň önümçiligi ýokarlandyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýdýar. “Satuwy goldamak işi awtobazar klimatynyň goragyna uly goşant bolar” – diýip, ol belleýär.
Awtosenagaty goldamak pikiri şu hepdäniň soňuna çenli iki brendiň öz kärhanalarynda işi ýene-de ýola goýmaly bolandyklary sebäpli ýüze çykdy.
Belläp geçsek, ýurduň eksport sektory koronawirus infeksiýasynyň ýaýrawynyň öňüni almak üçin tutuş dünýäde işleriň togtadylmagy sebäpli ep-esli ejir çekdi. Belli bolşy ýaly, Ýewropada awtolaryň satuwy 52% pese düşdi, bu bolsa sergi zallarynyň birnäçe wagtlap ýapyk bolandygy sebäpli rekord görkezijä öwrüldi.
Köne awtolaryň galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça meýilnama Germaniýanyň ykdysadyýetine 10 ýyl mundan öň bolup geçen maliýe çökgünliginden çalt çykmaga kömek edipdi. Ulag serişdeleriniň we awtomobil bölekleriniň önümçiligi Ýewropanyň uly ykdysadyýetinde uly senagat sektory hasaplanylýar we ol sebitde ýüz müňlerçe iş orunlaryny üpjün edýär.

düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....