Türkmenistanda muzeýler, kitaphanalar, konsert zallary baryp görmek üçin açykdyr

  • 22.04.2020 23:10
  • 4.4k+

22-nji aprelde ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýäniň iki ýüzden gowrak ýurdunyň medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn wideomaslahaty geçirildi, onuň dowamynda ählumumy pandemiýa şertlerinde medeniýet edaralaryna goldaw bermek boýunça geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapyndan häzirki wagtda Türkmenistanda bütin dünýäde bolşy ýaly, bu keseliň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreleriň geçirilýändigi habar berildi, Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öz wagtynda görlen çäreleri netijesinde ýurdumyzyň çäginde onuň ýaýramak howpy aradan aýryldy. Şol sebäpli hem muzeýler, kitaphanalar, konsert zallary ýaly medeniýet edaralary baryp görmek üçin açykdyr hem-de bu ugurda hiç hili çäklendirmeler ýokdur.
Mundan başga-da, onlaýn tertibinde halkara derejeli dürli medeni çäreleri geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilen şeýle çäreleriň biri hem «Bitarap Türkmenistan: parahatçylygyň we rowaçlygyň kepili» atly halkara fotosergi we maslahatdyr, ol maý aýynda ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralar.
Häzirki güne çenli dünýäniň 12 ýurdundan fotosuratçylar sergä gatnaşmaga isleg bildirdiler.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......