Baýramçylyk at çapyşygynyň ýeňijileriniň baýraklary döredildi

  • 21.04.2020 23:30
  • 7.1k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde halypa çapyksuwarlaryň arasynda Lebap atçylyk sport toplumynda geçiriljek at çapyşygynyň ýeňijisini hem-de 2020-nji ýylyň 25-nji aprelinde geçiriljek «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisini degişli baýraklar bilen sylaglamak bellenildi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen kabul edildi.
Mälim bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji aprelde Aşgabatda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigini, şeýle hem behişdi bedewleriň keşbini sungat eserlerinde ýokary derejede beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......