Toyota Hytaýda 256 müň sany awtomobilini yzyna gaýtarýar

  • 21.04.2020 23:04
  • 8.7k+

Toyota ýapon awtoöndürijisi benzin beriji ulgamynyň işinde näsazlyklaryň bardygy sebäpli hytaý bazaryndan ýerli önümçiligiň we import modelleriň 256 müňden gowrak awtomobillerini yzyna gaýtarýar. Bu barada HHR-iň bazaryny sazlamak boýunça Döwlet edarasy habar berýär, muny Trend TACC-a salgylanmak bilen ýetirýär.
Edaranyň saýtynda bellenilişi ýaly, näsazlyk daşary ýurtdan getirilen Lexus modelleriniň 60 müňüsinde, şeýle-de kompaniýanyň Hytaýyň Guançžou, Týanszine, Çançune we Çendu şäherlerindäki dört sany kärhanasynyň konweýerinden çykan Camry, Coaster, Corona, Highlander, Land Cruiser we Prado modelleriniň 200 müňüsinde ýüze çykaryldy. Yzyna gaýtarylan ähli modeller 2013-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda öndürilipdi.
Hünärmenleriň pikiriçe, pes basyşly benzin nasosyndaky näsazlyk sürüjiniň we ýolagçylaryň howpsuzlygyny howp astyna goýmak bilen hereketlendirijiniň işiniň bozulmagyna getirip bilýär.
Şu ýylda awtomobiliň näsazlygy astyna düşen awtomobil eýeleri tölegsiz bu näsazlygy anyklamak we abatlaýyş işleri üçin öndürijiniň Hytaýdaky diler merkezlerine ýüz tutup bilerler. Kompaniýa şu bozuk modellerdäki benzin nasoslaryny hem çalşyrmaga taýýar.

düýn 23:24
843

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
562

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......