Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri 2024-nji ýyla çenli halkara derejesini alar

  • 20.04.2020 22:46
  • 12k+

Türkmenistanda ýokary hünär bilimini bermek ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, iş topary döredilip, onuň düzümine Bilim, Daşary işler we Adalat ministrlikleriniň hünärmenleri girdi.
Topar bilim edaralaryny bu sanawa goşmak üçin halkara guramalary tarapyndan kesgitlenilen ähli görkezijileri öwrenip, «Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny» taýýarlady. Bu barada ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde aýdyldy.
Meýilnama laýyklykda, ýokary okuw mekdepleri halkara akkreditasiýasyny alarlar, talyplaryň we professor mugallymlaryň halkara akademiki hereketliligi ýola goýlar, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribäniň esasynda okuw we ylmy işlerine innowasion usullar ornaşdyrylar.
Şeýle hem ylmy-mugallymçylyk işgärleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......