Volvo täze awtomobilleriniň tizligini çäklendirdi

  • 19.04.2020 23:13
  • 4.7k+

Şwed awtoöndürijisi Volvo 2020-nji ýylyň tomusynda ähli modelleriniň maksimal tizligi emeli taýdan 180 km/sag belligine çenli çäklendirilen awtomobillerini çykaryp hem-de satyp başlar, bu barada vesti.ru habar berýär.
Şeýle ädim maksady Volvo awtomobilleriniň gatnaşmagynda bolup geçýän ýol heläkçiliginiň netijesinde ölüm derejesini peseltmek we agyr şikesleri minimuma getirmek bolan Vision 2020 strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ädildi. Volvo kompaniýasynyň pikiriçe, ýol heläkçiliginiň ýüze çykmagynyň esasy we giňden ýaýran sebäbi tizligiň çäkden geçmegi bolup durýar.
180 km/sag maksimallykdaky ilkinji modeller S90 we V90 bolar, bu barada Volvo Cars kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri Hakan Samuelsson habar berdi. Belläp geçsek, Volvo-nyň S90 we XC90 iň çalt wersiýalary 230 km/sag çenli bat alyp bilýär. Bu modellerden başlap, tizligi çäklendirijä şwed markasynyň ähli modelleri eýe bolarlar.
Belläp geçsek, geçen ýyl firma Care Key transponderini hödürläpdi, onuň kömegi bilen sürüji özi we onuň awtomobilini ulanýan maşgala agzalary üçin çäkli tizligi gurnap bilýär.
Kuwwatly modellerde “çäk goýujyny” ulanmak tejribesini ilkibaşda “uly nemes üçlügi”, ýagny Audi, BMW we Mercedes-Benz markalary girizdi. Olaryň tizligi çäklendirijisi 250 km/sag-da herekete başlaýar.
Şu ýylyň ikinji ýarymyndan başlap tizligi çäklendirmek Volvo awtomobillerinde hökmany bolar. Mundan başga-da, ol dykyn ýolda, şeýle-de mekdepleriň, hassahanalaryň we adamyň köp ýygnanýan beýleki edaralarynyň töwereginde ulagy awtomatiki haýalladýan funksiýa eýe bolar.
Bu funksiýa bort nawigatoryndan şeýle edaralaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat alýan kämil kruiz-kontroly jogap berýär.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....