Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy taslamasy işlenip taýýarlanyldy

  • 19.04.2020 09:57
  • 4.5k+

«Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibiniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer M.Meredow hasabat berdi.
Bu taslamada, esasan, ýurdumyzyň çäklerinde ýerine ýetirilen geologik, geofiziki, gidro-geologiki işler, inžener-geologik gözlegler, geologik-surata düşüriş we beýleki geologik-gözleg işleriniň ähli görnüşleri boýunça hasabatlary umumylaşdyrmak we ulgamlaýyn esasda dolandyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Geologiýa gaznasynda saklanylýan hasabatlary peýdalanmagyň, elektron göterijilerde ýöretmegiň tertibini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýerasty baýlyklardan hem-de olar baradaky geologiki maglumatlardan peýdalanmak «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda düzgünleşdirilýär, bu gaznanyň işini we onda saklanylýan maglumatlary alyp barmagyň hem-de peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

12.12.2025 16:33
4.8k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...

29.11.2025 09:51
4k+

Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi.  Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy...

15.11.2025 09:34
7.2k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...

08.11.2025 18:22
6.4k+

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G...