Ford Mustang dünýäde ýene-de iň meşhur sportkar boldy

  • 18.04.2020 21:49
  • 5.4k+

2020-nji ýylda iň belli awtomobilleriň biri bolan Ford Mustang özüniň 56 ýyllygyny belleýär. Bu model özüniň nobatdaky doglan gününe çenli eýýäm bäşinji gezek yzygider “Dünýäde iň meşhur sportkar” adyna eýe boldy. Bu barada zrkuban.ru habar berýär. Mundan başga-da, “Mustang” eýýäm 50 ýyl bäri “ABŞ-nyň iň meşhur sportkary” hasaplanylýar.
IHS Markit agentliginiň maglumatlary boýunça, Ford Mustangyň altynjy nesli ýüze çykanyndan, ýagny 2015-nji ýyldan 2019-njy ýylyň dekabryna çenli dünýäniň 146 ýurdunda 633 müň kupe we kabriolet satyldy. Olardan 102 090 sanysy geçen ýylda satyldy. Belläp geçsek, “Mustanga” isleg Germaniýada 33%, Polşada tas 50%, Fransiýada hem iki esse artdy.
“Ford Motor Company-nyň” baş operasion müdiri Jim Farli şeýle belleýär: “Şwesiýadan başlap Şanhaýa çenli dolandyrmany söýüjileriň barha köp bölegi täze “Mustanglarda” erkinlik duýgusyndan lezzet alýarlar. Biz 56 ýyl bäri awtomobil eýelerine, ruhubelent adamlara we muşdaklara hyzmat edýändigimize buýsanýarys”.
2019-njy ýylda Ýewropada 9 900 sany Ford Mustang satyldy, bu bolsa 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3% ýokarydyr. Sportkaryň esasynda kuwwatlylygy 290-dan 335 at güýjüne çenli bolan 2,3 litrlik benzinli EcoBoost durýar. Ford kompaniýasy modeliň 12 sany dürli görnüşini durmuşa geçirýär.
Mundan başga-da, satuwda 460 at güýçli 5,0 litrlik agregatly Mustang BULLITT wersiýasy hem bar. Iň kuwwatly ýol “Fordy” – Mustang Shelby GT500, ol 5,2 litrlik 771 at güýçli V8 bilen üpjün edilýär we ol 3 sekundyň içinde 96 km/sag çenli bat alyp bilýär.

düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....