Toyota, Renault we Volkswagen Ýewropada önümçiligi dikeldýärler

  • 16.04.2020 23:15
  • 3k+

Dünýäniň birnäçe öňdebaryjy awtoöndürijileri bir aý arakesmeden soň Ýewropada kärhanalaryny ýene-de açyp başladylar, bu barada “Financial Times” neşirine salgylanmak bilen vesti.ru habar berýär.
Awtomobil kompaniýalary soňlugy bilen pandemiýa öwrülen COVID-19 koronawirus ýaýrawynyň esasynda Ýewropada önümçiligi saklamaly boldular.
Toyota, Renault, Hyundai, Volkswagen we Volvo geçen aý ýapylan obýektlerde önümçiligi dikelden ýa-da indi dikeltmäge taýýarlanýan kompaniýalaryň hataryna girýärler. Şonuň bilen birlikde, Jaguar Land Rover-den başlap, beýleki awtoöndürijiler bolsa öz kärhanalaryny işe girizmek boýunça meýilnamalarynyň möhletini uzaldýarlar.
VW Audi brendi sişenbe güni hereketlendirijileriň önümçiligi boýunça özüniň Dýeradaky, Wengriýadaky kärhanalarynda çäkli önümçilige başlady, ýöne özüniň ýurtda esasy awtomobil önümçiligini işe girizmedi. 13 müň töweregi adam işleýän bu kärhana 22-nji martda saklanylypdy. Brendiň ýolbaşçylygy ýakyn hepdelerde kärhana doly önümçilige başlar diýip umyt edýärler. Häzirki wagtda kärhanada sistema döredilýär, onuň esasynda işgärler koronawirusdan maksimal goraglylyga eýe bolarlar: ýygnaýjy liniýalarda işgärleriň arasynda howpsuz distansiýa berjaý ediler, işgärleri kärhana ýörite awtobuslar gatnadar.
Hyundai özüniň Çehiýadaky awtomobil kärhanasynda önümlerini çykarmak işlerini dikeldip başlady, ýöne doly derejede däl.
Volvo Cars Torslandda, Şwesiýada indiki duşenbe güni özüniň flagman kärhanasyny ýene-de açmagy meýilleşdirýär.
Renault-yň önümçiligi Portugaliýada eýýäm başlady, indi fransuz awtokonserni indiki hepdede özüniň rumyn kärhanasyny açyp biler.
Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, awtoöndürijiler satuwyň pese gaçmasy bilen çaknyşarlar, muny Bloomberg kompaniýasynyň analitigi belleýär. Onuň pikiriçe, 2020-nji ýylda ýewropa bazarynda satuwlar 3 mln awtomobil derejesinde pese düşer, kompaniýalar 60 mlrd ýewrodan mahrum bolarlar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....