«Türkmen atlary» döwlet birleşigi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy

  • 16.04.2020 23:02
  • 4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol Kararyna laýyklykda, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi hakyndaky Düzgünnama hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
«Türkmen atlary» döwlet birleşigine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......