Milli türk elektromobilleri Ýewropada makullanyldy

  • 16.04.2020 06:04
  • 5.7k+

Türkiýäniň birleşen awtogurluşyk kompaniýasy TOGG Ýewropa Bileleşiginde ilkinji milli türk elektromobili ady bilen belli bolan öz işläp düzen elektromobil taslamasynyň daşky keşbi üçin ýeke-täk awtorlyk hukuklaryny hasaba aldyrdy. Bu barada rg.ru habar berýär.
Patentiň bäş ýylyň içinde güýji bar. TOGG onuň möhletini elektromobilleriň ähli maşgalasy (sedan, krossower, ykjam krossower, hetçbek we wen) çykarylmazyndan öň uzaltmaly bolýar, bu taslamany 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Milli türk awtomobiliniň taslamasy ýurduň Anadolu Grubu, BMC, Kök Grubu, Turkcell, Zorlu Holding ýaly iri söwda kompaniýalaryny we Türkiýäniň haryt biržalary we söwda palatalary Birleşiginiň hususy birikmelerini özüne çekmek bilen respublikanyň prezidenti Rejep Ärdoganyň hut özüniň başda durmagy esasynda taýýarlanyldy.
Bu birikmäniň netijesi hem 2018-nji ýylda esaslandyrylan TOGG kompaniýasy hasaplanylýar. TOGG abbrewiaturasy “Türkiye’nin Otomobili Girişim Grubu” diýen manyny berýär we ol sözme-söz terjime edilende “Kompaniýanyň “Türkiýäniň awtomobilleri” topary” diýmekligi aňladýar. Bu bäş kompaniýanyň jemi. Olar umumy awtomobil kärhanasyny döretdiler we oňa 22 mlrd lira ýa-da 3,7 mlrd dollar maýa goýdular.
Geçen ýylyň ahyrynda Ärdoganyň gatnaşmagynda krossowerleriň we sedanlaryň prototipiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Meýilnama boýunça ilkinji elektromobiller 2022-nji ýylda bazara çykarylar. Kärhananyň meýilnama kuwwatlygy ýylda 175 müň sany ulag. Häzirki wagtda ykjam krossoweri çykarmaklyga has ýakyn. Habar berlişine görä, onuň stilini düzmekde Pinifarina atelýesi gatnaşdy we stili döretmekde milli türk däpleri hasaba alyndy. Bu krossoweriň standart görnüşi yzky okda bir sany 200-güýçli elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün ediler. Doly herekete getirijili has gymmat wersiýasy öňki okda hem şeýle elektromotora eýe bolar, şeýlelik bilen umumy öndürijilik 400 at güýjüne ýeter. Görnüşine baglylykda onuň geçjek ýolunyň uzynlygy 300 ýa-da 500 km bolar.
Geljekde kompaniýa öz awtomobilleriniň dizaýnyny Aziýanyň we Amerikanyň patent boýunça edaralarynda bellige aldyrmakçy bolýar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....