Saud Arabystany Aziýa döwletleri üçin nebitiniň bahalaryny arzanladýar

  • 14.04.2020 09:51
  • 7.7k+

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygynyň çäklerinde gazanylan ylalaşykdan soň, Saud Arabystany Aziýa döwletlerinden satyn alyjylar üçin ýangyjyň bahasyny arzanlatmagy meýilleşdirýär, diýip Orient agentligi habar berýär.
Saud Arabystanynyň Aramco döwlet nebit kompaniýasy Aziýa üçin ýeňil çig nebitini maý aýy boýunça täze bahasyny Oman/Dubaý boýunça orta görkezijä barabarlykda ýeňillikli 7,3 dollar bahadan goýdy. Bu bolsa aprel aýyndakydan 4,2 dollar aşakdyr, diýlip Reýter agentligi tarapyndan neşir edilen resminamada bellenilýär. Şol bir wagtda ABŞ üçin maý aýy boýunça baha aprel aýyndakydan 3 dollar ýokary bolar. Demirgazyk-Günbatar Ýewropa üçin bahalar üýtgewsiz galdy.
Ýatlap geçsek, uzaga çeken gepleşiklerden soňra Russiýa, ABŞ we Saud Arabystany dünýä bazarlaryny durnuklaşdyrmak we dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen nebitiň çykarylyşyny tapgyrlaýyn ýagdaýda çäklendirmek hakynda täze OPEC+ ylalaşygyny baglanyşmak boýunça ylalaşdylar.
Ylalaşyga goşulan döwletler şu ýylyň maý-iýun aýlarynda «gara altynyň» çykarylyşyny günde 9,7 mln barrel çäklendirerler.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......