Teslanyň elektromobilleriniň satuwy Hytaýda mart aýynda rekord derejä ýetdi

  • 13.04.2020 23:01
  • 2.7k+

Tesla kompaniýasyna mart aýynda Hytaýda 10 160 sany elektromobili satmak başartdy, bu bolsa dünýäniň uly awtomobil bazarynda aý boýunça iň ýokary görkeziji bolup durýar. Bu barada iXBT portaly ýeňil awtomobilleriň Hytaý assosiasiýasy (ÝAHA) tarapyndan neşir edilen satuw baradaky maglumatlara salgylanmak bilen habar berýär.
Tesla kompaniýasy 2 mlrd dollara düşen Şanhaýdaky kärhanasynda Model 3 sedanyndan 150 000 sanysyny çykarmagy meýilleşdirýär. Hytaýda satylan elektromobilleriň jemi sanynyň 30% töweregi akkumulýator elektromobillerine degişlidir.
Ýeňil awtomobilleriň Hytaý assosiasiýasynyň maglumatlary boýunça, fewralda Tesla 3900 töweregi awtomobil, ýanwarda bolsa 2620 sany awtomobili satdy. Çeşme ÝAHA-nyň hasaplama boýunça ulanýan usulynyň Teslanyň ulanýan usulyndan tapawutlanýandygyny belleýär.
Ýeňil awtomobilleriň umumy satuwy mart aýynda ýyllyk görkezmede 40,8% pese düşdi.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....