Ferrari her ulagynyň satuwyndan Nissana garanda 926 esse köp gazanýar

  • 12.04.2020 23:13
  • 5.3k+

Ferrari özüniň her ulagynyň satuwyndan Nissana garanda 926 esse köp gazanýar diýip, Car Industry Analysis portalyna salgylanmak bilen tarantas.news habar berýär.
Meselem, BMW markasyna Ferrariniň bir superkaryny satmak bilen gazanýanyny gazanmak üçin ortaça 30 ulagy satmak gerek bolýar. Beýleki awtoöndürijilerde bu gatnaşyk has ýokary: Toyota brendi Ferrariniň satylan bir modelinden gelýän girdejisi bilen deňleşdirmek üçin 44 awtomobili, Volkswagen – 56 ulagy, Mercedes-Benz bolsa 67 awtomobili satmaly bolýar. Iň haýran galdyryjy görkeziji Nissan bilen Ford brendlerine degişli, ýagny Ford 905 sany, Nissan 926 sany awtomobili satmaly bolýar.
Bir zady belläp geçmeli, geçen ýyl lýuks brendi Ferrari üçin satuw boýunça rekordly ýyl boldy. Kompaniýa öz taryhynda ilkinji gezek 10 müňden gowrak awtomobili satmagy başardy, has anyk aýtsak, 10 müň 131 superkar, bu bolsa 2018-nji ýyla garanda 9,5% ýokarydyr. Olardan 4895 sany ulag Ýewropadaky, Afrikadaky we Ýakyn Gündogardaky müşderiler tarapyndan satyn alyndy, 2900 sany awtomobil Demirgazyk we Günorta Amerika, 836-sy Hytaýa, Gonkonga we Taýwana iberildi. Netijede, geçen ýyl markanyň arassa girdejisi 10,1% ýokarlandy we 3,7 mlrd ýewro barabar boldy. Gazanylan pul brendiň ilkinji krossowerinden başlap, täze modelleri taýýarlamaklyga sarp ediler. Ferrariniň baş inženeri Maýkl Leýters täze bäşmetrli modeliň häzir lýuks segmentinde hödürlenilýän hemmetaraplaýyn ulaglaryň hemmesinden düýpli tapawutlanjakdygyny habar berdi. Kompaniýanyň ilkinji krossoweriniň premýerasy 2022-nji ýylda geçiriler.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....