D witamine baý önümler ýürege peýda getirýär

  • 11.04.2020 23:42
  • 7.3k+

D witamininiň ýokary düzümini saklaýan önümler ýürek-damar sistemasynyň işine oňaýly täsir edýär we ony goraýar, muny Gresiýadaky Arokopio uniwersitetiniň alymlary anykladylar. Olaryň gelen netijeleri MedicalXpress žurnalynda neşir edildi, bu barada ria.ru saýty habar berýär.
Ylmy topar 11 ýyllap üç müňden gowrak erkekleriň we aýallaryň saglygy hem-de iýmitlenişi baradaky maglumatlary seljerdiler. Şonda D witaminine baý bolan önümleri köp iýýän adamlarda ýürek-damar keseliniň howpunyň minimal derejededigi anyklanyldy. Şeýle adamlaryň rasionyna ýagly balyk, ýumurtga, peýnir, mesge we beýleki önümler girýärdi.
Eksperiment wagtynda şeýle witamini kabul etmegiň pes derejeli toparynda erkek adamlaryň 24%-inde we aýallaryň 14%-inde infarkt, insult ýa-da beýleki ýürek keselleri ýüze çykdy. Ortaça derejeli gatnaşyjylarda bu görkeziji 17%-e we 10%-e çenli peseldi. Rasionynda bu aktiw maddanyň ýokary düzümine eýe bolan önümleri saklaýan meýletinçileriň arasynda ýürek bilen bagly meseleler erkekleriň 12%-inde, aýallaryň 11%-inde hasaba alyndy.
Alymlar D witaminini iýmitden kabul etmegi maslahat berýärler, çünki şeýle ýagdaýda ol has köp peýda getirýär.
“Ýürek myşsalarynyň saglygyna ortaça ýa-da bitarap täsiri görkezen D witaminini goşmaça etmek bilen geçirilen barlaglardan tapawutlylykda, bu barlag D witamininiň iýmitden köp kabul edilmeginiň, esasan, erkeklerde ýüze çykýan ýürek bilen bagly meselelerden gorap bilýändigini görkezdi” diýip makalada aýdylýar.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......