«Türkmenawtoulaglary» agentligi elektron awtoulag kartyny döreder

  • 11.04.2020 22:05
  • 8.3k+

Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenawtoulaglary» agentliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan Diýarymyzyň çäklerinde hem-de halkara gatnawlarynda awtoulag hyzmatlaryny amala aşyrýan ýerli we ýurdumyza gelýän hem-de üstaşyr geçýän daşary ýurt awtomobil ulaglarynyň maglumat binýadyny döretmek, olara GPS enjamyny ornaşdyryp, sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek, şeýle hem bu işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrmak meýilleşdirildi.
Birinji tapgyrda ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda hereket edýän ýeňil taksilere hem-de ýolagçy awtobuslaryna sanly ulgam arkaly olaryň tizligine, ýerleşýän ýerine, hereket edýän ugruna, ýangyç sarp edişine, tehniki gözegçilikden geçirilmeli wagtyna degişli gözegçilik üpjün ediler.
Ikinji tapgyrda ýurdumyzyň çäginde hereket edýän ýük ulaglaryna sanly ulgamy ornaşdyryp, olaryň hereketine gözegçilik ýola goýlar.
Üçünji tapgyrda halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýurdumyzyň awtoulaglaryna sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek hem-de olara daşary ýurda çykmak üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmek ýola goýlar.
Şeýle hem ulaglar boýunça maglumatlary özünde jemleýän merkezleşdirilen maglumat binýadyny döretmek, şeýlelikde, maglumat binýady arkaly ýurdumyza gelýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulaglarynyň hasabatyny ýöretmek işlerini gurnamak boýunça elektron awtoulag karty dörediler.
Bu ugurda öňde durýan wezipeler «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli amala aşyrylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ulag serişdelerine, şol sanda olaryň tehniki ýagdaýyna, hereket edýän ugruna hem-de ýerleşýän ýerine gözegçiligi ýola goýmagyň, gatnawlaryň howpsuzlygyny we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de bu ulgamdaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýere we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....