LADA özüniň 50 ýyllyk ýubileýini belleýär

  • 10.04.2020 23:55
  • 12k+

2020-nji ýylyň 19-njy aprelinde LADA awtomobilleriniň öndürilip başlananyna 50 ýyl dolýar. 1970-nji ýylyň 18-inden 19-yna geçilýän gijede Wolžsk awtokärhanasy ВАЗ-2101 “Žiguli” modeliniň ilkinji alty sedanyny çykardy, bu barada brendiň metbugat gullugyna salgylanmak bilen avtonovostidnya.ru habar berýär.
LADA-nyň ilkinji modeli diňe bir “АвтоВАЗ” kompaniýasynyň taryhynda däl-de, eýsem Russiýanyň awtosenagatynyň taryhynda giňden ýaýran model boldy. 1970-nji ýyldan 1988-nji ýyllar aralygynda Wolžsk awtokärhanasynyň konweýerinden 4,8 million sany ВАЗ-2101 (“Kopeýka”) awtomobili we onuň modifikasiýalary çykdy. Belläp geçsek, bu rekord häli-häzire çenli täzelenilenok.
ВАЗ-2101 awtomobili 1967-nji ýylda “Ýewropada ýylyň awtomobili” diýen hormatly ada mynasyp bolan Fiat-124 italýan sedanynyň esasynda gurlan. Önümçilige goýberilmezinden we Russiýada satylyp başlanmazyndan öň ol birnäçe synaglardan geçirildi we onuň konstruksiýasyna 800-den gowrak üýtgeşme girizildi.
Netijede hem ýerli satyn alyjylar tarapyndan, hem-de daşary ýurt bazarynda ýokary baha mynasyp bolan ygtybarly we rahat awtomobil peýda boldy.
ВАЗ-2101 modifikasiýasy 1982-nji ýyla çenli çykaryldy, 21011 wersiýasy konweýerden 1983-nji ýyla çenli çykdy, 21013 wersiýasy bolsa 1988-nji ýyla çenli dowam etdirildi. Eger-de Žiguli klassyky maşgalasynyň wekilleriniň ählisiniň bir binýatda esaslandyrylandygy baradaky fakty göz öňünde tutsak, onda bu seriýanyň awtomobilleriniň öz “ýoluny” 2012-nji ýylda, ýagny Ižewsk awtokärhanasynyň konweýerinden ВАЗ-2107-niň soňky nusgasy çykarylan wagtynda bes etdi diýip aýtmak bolar.

düýn 09:56
1.9k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....