Türkmenistanda dünýäniň ösen tejribesini bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerine zerur ähmiýet berler

  • 09.04.2020 10:49
  • 7.9k+

8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatynda bilim ministri M.Geldiniýazow ylymly-bilimli sagdyn nesilleri kemala getirmek, täzeçil tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykdy meseleleri işjeňleşdirmek boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, bu ugurda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda häzirki zamanyň ösen mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, dünýäniň ösen tejribesini bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerine zerur ähmiýet bermek babatda ministre tabşyryk berildi.
Döwlet Baştutany çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerde dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzda ýaýramagynyň öňüni almak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi hem-de bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......